Wenesuela
Wenesuela (isp. Venezuela), resmi ady — Boliwar Wenesuela Respublikasy (isp. República Bolivariana de Venezuela) — Günorta Amerikanyň demirgazygynda döwlet. Demirgazykda kenarýakasyny Karib deňzi we Atlantik okean ýuwýar, ol gündogarda Gaýana, günortada Braziliýa we günbatarda Kolumbiýa bilen serhetleşýär.
Wenesuela Günorta Amerikada ýerleşýän döwlet. Ol günbatar we günorta-günbatarda Kolumbiýa, günorta we günorta-gündogarda Braziliýa, gündogarda Gaýano bilen araçäkleşýär. Ýurduň demirgazyk bölegini Karip deňzi ýuwýar.
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]1498-nji ýylda ýewropalylar Wenesuela aralaşýarlar. 1499-njy ýylda Alonso de Oheda Marakaýbo kölüni tapyp, bu ýurdy Wenesuela – “Kiçijik Wenesiýa” diýip atlandyrýar. 1520-nji ýyllarda bolsa ýurduň köp bölegi ýewropalylar tarapyndan koloniýalaşdyrylýar. Wenesuelanyň häzirki ýerleşýän ýeri tä VIII asyra çenli Peru şalygynyň golastynda ekeni. Ýurduň ýokary indendant gullugy 1783-nji ýylda döredilýär. 1821-nji ýylda Wenesuela azat edijilik urşunyň netijesinde Beýik Kolimbiýanyň düzüminde garaşsyzlygyny gazanýar. 1829-njy ýylda bolsa Wenesuela federasiýanyň düzüminden çykyp, garaşsyzlygyny yglan edýär. Şol günden tä XX asyryň ortalaryna çenli ýurdy dürli diktatorlar dolandyrýar. 1953-nji ýylyň 11-nji aprelinde ýurduň täze Konstitusiýasy kabul edilýär. Şol täze Konstitusiýa laýyklykda Wenesuelanyň Birleşen Ştatlary Wenesuela Respublikasy diýlip atlandyrylýar.
Tebigaty
[düzet | çeşmäni düzet]Ýurtda tropiki klimat agdaklyk edýär. Wenesuelanyň geografiki ýerleşişi şeýleräk: demirgazyk-günbatarynda And daglary we Marakaýbo düzlügi, merkezinde baýyrlyklar we günorta-gündogarynda Gaýano daglyk ýerleri tutýar. Iň pes ýeri: Karip deňzi, iň beýik gerşi: Boliwar gerşi 5007 metr. Ýurduň esasy tebigy baýlyklary: nebit, tebigy gaz, altyn, boksit we beýleki gymmat bahaly daşlar. Şeýle hem bu ýurtda dünýäniň iň uly we tebigy ajaýyplygy boýunça hemmeleri haýran galdyrýan şarlawuklar bar.
Ilaty
[düzet | çeşmäni düzet]Soňky maglumatlara görä, ýurtda 26 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Ilatyň ortaça ýaş dowamlylygy 73,28 ýyl. Ýurduň ilaty ýylda 1,486 göterim köpelýär. Takmynan her maşgala 2,55 çaga düşýär. Ilatyň agramly böleginde ýewropalylaryň nesilleri ýaşaýar. Olar ispanlar, italýalylar we portugaliýalylar. Şeýle hem ýurtda arap, afrika milletli halklar hem ýaşaýar. Ilatyň uly bölegi hristiýan dininiň katolik mezhebine uýýar. Wenesuelanyň döwlet dili ispan dilidir. Mundna başga-da, ýurtda birnäçe şiwe dilleri hem ulanylýar.
Döwlet gurluşy
[düzet | çeşmäni düzet]Wenesuela – federatiw respublikadyr. Döwlet federal okrugdan we 22 ştatdan durýar. Döwlet baştutany – prezident. Kanun çykaryjy organy – iki palataly milli kongres.
Ykdysadyýeti
[düzet | çeşmäni düzet]Ýurduň ykdysadyýetiniň esasyny nebit we dag magdany düzýär, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän senagaty, himiýa, gara metallurgiýa we maşyn gurluşyk pudaklary has ösen. Ýurduň azyk senagaty we dokma kärhanlary hem çalt depginlerde ösýär. Oba hojalygynda ekerançylyga uly ähmiýet berilýär. Wenesuela daşary ýurtlara nebit, boksit, himiýa senagaty we oba hojalyk önümlerini satýar. Esasy daşary ýurtly hyzmatdaşlary: ABŞ, Porto-Riko, Kolimbiýa, Braziliýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Gollandiýa, Italiýa we Hytaý. Wenesuela şol birwagtyň özünde daşary ýurtlardan ulag we olaryň şaýlaryny, hojalyk harytlaryny satyn alýar.
Gözel ýerleri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýurtda 72 sany tropiki ada bar. Olar ýörite deňiz syýahatçylygy üçin döredilen ýaly ýaýlyp ýatyr. Porlamar şäheri ýurduň esasy deňiz şypahana merkezi hasaplanýar. Merida ştatynda ýurduň iň beýik gerşi bolan Boliwar ýerleşýär. El-Dorado goraghanasy, Kanaýma, Serraniýa-de-Neblin, Haua-Sarisarinama ýaly milli seýilgähleri özüniň tebigy ajaýyplygy bilen hemmeleri özüne bendi edýär. Bu tebigy ajaýyplyklar döwlet tarapyndan goralýar.
Esasy baýramçylylgy: 5-nji iýul – Garaşsyzlygyny yglan eden güni.
Günorta Amerikadaky ýurtlar |
||
---|---|---|
Argentina · Boliwiýa · Braziliýa · Çili · Ekwador · Gaýana · Kolumbiýa · Paragwaý · Peru · Surinam · Urugwaý · Wenesuela |