Ruslan Mingazow
Ruslan Kamilýewiç Mingazow (Руслан Мингазов; 23 noýabr 1991, Aşgabat) — türkmen futbolçy, Çehiýa we Latwiýa futbol toparda oýnaýan ilkinji türkmenistanly futbolçy[1]. Şu wagt «FK Slawiýa» Praga we Türkmenistanyň Milli futbol ýygyndysynyň oýunçysy. Milleti - tatar.
1991-nji ýylda Türkmenistanda doglan Mingazow ilkinji gezek 16 ýaşynda Aşgabat FK futbol ýygyndy komandasynda oýnap başlaýar we şol ýyl hem öz komandasynyň Türkmenistanyň Ýokary kubogyny almagyna goşant goşýar. Onuň kakasy hem belli legioner futbolçy Kamil Mingazowdyr
Şondan soň, ol futbol karýerasyndaky üstünliklerini dowam etdirip, ilki Latwiýanyň «FK Skonto Riga» futbol komandasynda 4 ýyl oýnaýar. Ol Rigaly klub bilen gyzyl, kümüş we bronza medallaryny we Latwiýa Kubogyny utmagyny başarypdy[2]. Mingazow, soňra Çehiýanyň Ýablones, Slawiýa Praga, Mlada Boleslaw we Pribram toparlarynda oýnady. Ol karýerasyny 2019-njy ýyldan soňra Gazagystanda dowam etdirdi. Ol bu ýurtda İrtiş Pawlodar (2019-20 ý) Şahtýor Karagandy (2020 ý) we Kaspiýde (2020-2021 ý) oýnady. Häzirki wagt bolsa ol Gonk Kong Respublikasynyň Kitchee FC komandasynda oýnaýar.