Mazmuna geçiň

Haram

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Haram (arap. حرام‎‎ gadagan). Haram haramlygy belli bolan soň, ony halal hasaplansa dinden çykar.

Gadaganlyk belgi.

Yslam dini ynsanyň iýip-içmegi, geýinmegi, bezenmegi, dynç alyşy, maşgala durmuşy, özara gatnaşyklary ýaly, durmuşyň ähli taraplaryny tertip-düzgüne salypdyr. Bu düzgünler ynsanyň tebigatyna, akylyna ters gelýän zatlar däldir. Şeýle hem olary berjaý etmek artykmaç ýük bolman, gaýta ynsanyň abraýyny artdyrýan kada-kanundyr.

Şunlukda on dört asyryň dowamynda Kurana we sünnete daýanýan, emr we maslahatlaryň esasynda dünýä siwilizasiýasynda aýratyn, baý medeniýet döräpdir. Ynsanyň gündelik durmuşyna we jemgyýetçilik gatnaşyklaryna degişli yslam dininiň getiren emr we gadaganlyklary sagdyn jemgyýetiň esasydyr.

Yslam dininde käbir iýmitiň, içginiň, eşigiň haram edilmeginiň dürli hikmeti bardyr. Ýöne haram edilenleriň esasy sebäbi şol hikmetler zerarlydyr diýip aýtmak ýalňyş bolar. Haram-halaly kesgitleýän diňe Allah Tagaladyr.

Haram sanawy

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Günä
  2. Şirk
  3. Zyna
  4. Serhoş ediji içgiler (narkotik, kakoin, arak, piwo, wino we ş.m.lar)[1]
  5. Doňuz, Allanyň ady aýdylman öldürilen mal (aýtmak niýeti bolup ýatdan çyksa zyýanly ýok), Alla üçin soýulmadyk mal, haram ölen mal, (damak) gan, ýyrtyjy mal, boglup ölen mal (ölmänkä damagy çalynsa halal), urlup öldürilen mal, beýikden gaçyp ölen mal, süsülip öldürilen mal, ýyrtyjy haýwanyň iýen (dişlän) maly[2][3][4]
  6. Töhmet
  7. Özüňi öldürmek
  8. (Haksyz ýere) adam öldürmek
  9. Göterimine karz bermek, almak (ribä)
  10. Alla hakda bilmeýän zadyňy aýtmak
  11. Paraly oýunlar (kazino, poker we ş.m.lar)
  12. Musulman yhramly wagty gury ýer haýwanlary awlamagy
  13. Süýthorlyk bilen gazanylan mal, haksyz ýerden başgaň emlägini iýmek
  14. Mähramlar, ärli aýallar bilen nikalaşmak
  15. Aldaw[5], ýalan şaýatlyk, ýalan söwda
  16. Haram aýlarda söweş etmek
  17. Para almak, bermek
  18. Ogurlyk
  19. Pal atmak, jadygöýlik


Yslamda haram kylynan iýmitler

[düzet | çeşmäni düzet]

Kurany Kerimde dört sany iýmitiň haramdygy aýdylýar. «Ol (Allah) size diňe meýtäni (maslygy), damak gany, doňuz etini we Allahdan özgäniň adyna kesilen haýwanyň etini haram kylandyr...», (Bakara, 173).

1. Meýte (maslyk). Kuranyň iýilmegini haram kylan iýmitleriniň iň esasylaryndan biri maslykdyr. Ol iýmek üçin damagy çalynmadyk ýa-da awlanmadyk, özi ölen haýwanyň we guşuň maslygydyr.

Näsaglyk ýa-da zäherlenme sebäpli ölen haýwanyň etini iýmek saglyk üçin howpludyr. Maslygyň haram kylynmagynyň iň esasy sebäbi şudur.

Damagy çalynman boglup ölen, urlup öldürilen, ýokardan gaçyp ölen, başga bir mal tarapyndan öldürilen haýwan maslyk saýylýar. Ýöne bu mallaryň jany çykmanka ýetişilip, damagy çalynsa halal bolýar. Cuwda özi ölen balyk hem maslyk saýylýar.

Maslygyň şahyny, süňküni, ýüňüni peýdalanmak mubahdyr. Derisi bolsa eýlenenden soň, arassa saýylýar.

2. Damakgan. Malyň damagy çalnanda ganynyň köpüsi daşyna akýar. Muny iýmek-içmek haramdyr. Ýöne inçe damarlarda akman galan gan ýa-da dalak we bagyr ýaly agzalarda galan ganyň iýilmeginde zelel ýokdur. Ganyň haram edilmeginiň esasy hikmeti onuň hapalygy, içinde adama zyýanly dürli mikroblaryň we bakteriýalaryň barlygy sebäplidir.

3. Doňuz. Bu jandaryň etiniň haram edilmegi Kurany Kerimde (Bakara, 173; Maide,3; En'am, 145; Nahl, 115) hem-de hadyslarda anyk, kesgitli görnüşde aýdylypdyr. Pygamberimiz bir hadysynda: «Allah we Onuň Resuly hamryň, maslygyň, doňzuň we çokunmak üçin ýasalýan butlaryň alyp-satylmagyny haram edendir», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi) diýýär.

Doňzuň içýagynyň azyk üçin we başga maksatlar üçin ulanylmagy hem haram edilipdir.

Doňuz eti ýahudi we hristian dininde hem haramdyr. Töwratda doňzuň murdardygy bellenip, etiniň iýilmegi we maslygyna degilmegi gadagan edilipdir (Tesniýe, 14/8). Häzirki döwre gelip ýeten Injillerde doňuz pes jandar hasap edilse-de, etiniň iýilmegini gadagan edýän anyk maglumat ýokdur. Ýöne hristianlygy giňden ýaýratmak maksady bilen Pawlos doňuz etini gadagan edýän aýatlary Injilden aýryp «Ynsany agzyndan giren däl-de, agzyndan çykan hapalar», (Matta, 15/11,18) we «Bazarda alnyp-satylýan her bir zat iýlip bilner», (Korintoslylara birinji hat, 10/25) diýen ýaly deliller getirip täze düzgün girizipdir.

Yslam alymlary doňzuň etini-ýagyny iýmegiň gabanjaňlyk, namysjaňlyk ýaly duýgulary küteldip, ynsanyň ahlagyna erbet täsir edýändigini belleýärler. Şeýle hem häzirki döwrüň ylmy we medisinasy doňuz etiniň ynsan saglygyna zyýanlydygyny subut edýär. Ösen tehniki enjamlar bilen doňzuň eti we ýagy işlense-de, dürli azyk önümleri üçin goşmaça garyndy hökmünde ulanylsa-da, ol haramlygyna galýar.

4. Allahdan özgäniň adyna kesilen mal.

Jahyliýet döwründe araplar çokunýan butlarynyň adyna gurban niýeti bilen mal soýar eken. Şonuň üçin Kuran Allahdan başganyň adyna damagy çalnan haýwanlary haram hasaplapdyr. «Eger Allahyň aýatlaryna ynanýan bolsaňyz, diňe Onuň adyny aýdyp kesilenlerden iýiň», (Engam, 118).

Başga bir aýatda «Allahyň ady aýdylman kesilen haýwanlaryň etini iýmäň», (Engam, 121). Şular ýaly aýatlara daýanyp, malyň damagy çalnanda «Bismillah» diýmegi şert goşupdyr. Bu yslamyň towhyd akydasyna berlen ähmiýetiň we şirke bolan ýigrenjiň anyk netijesidir.

Hanefi we Mäliki mezhebine görä,

«Bismillah» diýmek hökmandyr. Bilgeşleýin diýilmese, şol haýwanyň eti iýilmeýär. Unudylyp diýilmese, hiç hili zeleli ýokdur. (Buhary, Ebu Dawud).

«Bismillahi Allahu Ekber» diýmek, mustahap görülýär.

Şafygylar bolsa damak çalnanda

«Bismillah» diýmegiň sünnetdigini, kesen wagty besmeläniň aýdylyp-aýdylmandygy bilinmese, besmele aýdyp şol malyň etini iýmek bolýandygyny aýdýarlar. Haýwanyň damagy çalnanda besmeläni terk etmek mekruhdyr. Olaryň daýanýan delilleri şu hadysdyr: «Pygamberimiz Mekgede ýaşan döwründe töwerekdäki taýpalardan musulman bolan bir jemagat sowgat hökmünde et iberýär. Besmele aýdylyp damagy çalnandygy näbelli bolan bu eti iýmek meselesi Pygamberimizden soralanda, Ol: «Besmele aýdyp iýiň» diýipdir. (Buhary).

Ymam Şafygy bu hadysa mutlak many berip, haýwan besmelesiz kesilen bolsa hem iýen wagtyň besmele aýtsaň ýeterlik boljakdygyny aýdýar. Ymamy Agzam bolsa, «eti iberen taýpanyň musulmandygy üçin, besmele aýdylmandygyna diňe şübhe edilipdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) bolsa, musulman hemişe Allahyň adyny aýdyp malyň damagyny çalandyr diýen düşünje bilen şol etiň halaldygyny» aýdýar. Ymamy Agzam: «Bu hadysa besmelesiz damagy çalnan malyň etiniň iýiljegine delil däldir» diýip höküm edýär.

Damak çalmak bilen baglanyşykly meseleler

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Damak çalýan akyly ýerinde, kämillik ýaşyna ýeten we musulman bolmalydyr. Ýahudi we hristianyň hem damagyny çalan maly iýilýär. Ýöne olaryň damagyny çalan maly diňe yslam dininiň makullaýan şertlerine laýyklykda ýerine ýetirilen ýagdaýynda halaldyr. Butparazlaryň we müşrikleriň öldüren maly musulmana halal däldir.
  2. Damak çalnanda haýwana ezýet bermän, ýiti pyçak ýa-da gural bilen çalmalydyr. Damak çalmaga derek elektroşok, sapança meňzeş ýörite gural bilen, kömüpturşy gazyny ulanmak, tokmak bilen maňlaýyna urmak, ýeňsesinden çiş sokmak arkaly haýwany öldürmek dürs däldir. Ýöne mal ölmänkä damagy çalynsa eti halaldyr. Haýwana ezýet bermezlik üçin elektroşok edilýändigi aýdylsa-da, elektrik togy haýwanyň nerw sistemasynyň işleýşini togtadýar. Netijede, damagy çalnanda haýwanyň gany doly akmaýar. Şonuň üçin güýçli tok ulanmak dogry däldir.
  3. Häzirki ösen tehniki enjamlardan peýdalanyp, «Bismillah» diýip, bir gezekde birnäçe towugyň damagyny çalmak dürsdür. Ýöne arassalananda ýeleginiň aňsat ýolunmagy üçin towugyň atylýan suwunyň gyzgynlygy 55 gradusdan ýokary bolmaly däldir. Çünki bu gyzgynlykdan ýokarda diffuziýa arkaly hapa ete siňýär. Netijede, et harama çykýar.
  4. Dabaralarda, garşy almalarda damagy çalnan mal Allahyň ady aýdylyp öldürilse hiç hili zeleli ýokdur, onuň eti halaldyr. Ýöne damak çalynmagyna sebäp bolýan şahs ýa-da gurama mukaddeslik, Hudaý mertebesine göterilmeli däldir.

Eti haram haýwanlar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Azy dişleri we penjesi bilen aw edýän gurt, aýy, arslan, gaplaň, şagal, belka, tilki, pil, maýmyn, it, pişik ýaly haýwanlar.
  2. Dyrnaklary bilen aw awlaýan bürgüt, ýarganat, baýguş ýaly guşlar.
  3. Ýakymsyz sypatly bolan ýylan, içýan, gurbaga, pyşbaga, syçan, hažžyk, alaka, ýagyş gurçugy, siňek ýaly haýwanlar we möp-möjekler.
  4. Öý haýwanlaryndan eşegiň, gatyryň eti dört mezhebe görä hem haramdyr. Käbir alymlar gatyryň etini mekruh hasaplapdyr.

Aw we aw etmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Aw gadymdan däbe öwrülen pişedir. Yslam dinine görä, eti iýilýän haýwanlar eti we derisi üçin, eti iýilmeýän haýwanlaryň derisinden, dişinden peýdalanmak we zyýanyndan goranmak üçin awlamak jaýyz görülýär. Hiç bir peýdasy bolmadyk halatda, diňe keýp we haýwanlara ezýet bermek niýeti bilen aw etmek halanmaýar. Pygamberimiz bir hadysynda: «Kim bir serçäni keýpine öldürse, ol guşuňam kyýamat güni Allaha şikaýat edip: «Eý, Rabbim, pylany meni hiç bir bähbit araman keýpine öldürdi» diýjekdigini habar berýär, (Şewkani, «Neýlül-ewtar»).

Aw – tüpeň, ok, naýza ýaly ýaralaýjy we öldüriji gurallar ýa-da tazy, elguş ýaly ýörite öwredilen haýwanlar arkaly edilýär.

Aw bilen baglanyşykly meseleler

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Awçy – musulman, kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr. Otparazyň, butparazyň awlan haýwanynyň eti haramdyr.
  2. Awçy – nyşana almanka, guşuny ýa-da tazysyny goýbermänkä besmele diýmelidir. Eger unutsa zeleli ýokdur.
  3. Aw guralynyň awlanýan jandaryň bedenini ýarmagy we tenine girmegi şertdir. Güýçli urgy, daş, taýak bilen urlup awlanan haýwanlaryň etini iýmek bolmaýar. Urlup seňseledilen awyň derrew damagy çalynsa zeleli ýokdur.
  4. Tazy tutan awyny bogup öldürse ýa-da etinden iýse, ol aw haramdyr. Elguşuň awyň etinden iýmeginiň zeleli ýokdur. Awda ulanylýan jandar eýesi tarapyndan goýberilmän, özbaşyna aw awlap getirse, eger onuň getiren awy janly bolsa, damagyny çalyp iýmek bolýar. Ýogsa iýilmeýär.
  5. Aw wagty ýaralanan haýwan suwda gark bolsa ýa-da ýokardan gaçyp ölse, bularyň hem etini iýmek bolmaýar.

Içgiler we narkotik jisimler

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslam – serhoş edýän, akyly we ruhy deňagramlylygy bozýan, nerw sistemasyna zyýan edýän maddalary ulanmagy haram edipdir. Bu Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär:

«Eý, iman edenler, hamr (spirtli içgiler), humar, ensab (butlara gurban kesilýän we olara çokunylýan ýer), pal oklary şeýtanyň myrdar, nejis işlerinden başga zat däldir. Bulardan daş dursaňyz halas bolarsyňyz. Şeýtan hamr we humar bilen siziň araňyza duşmançylyk we kine salmak, sizi Allahy zikir etmekden we namazdan daşlaşdyrmak isleýär. Indi bu hapa işleri taşlarsyňyzmy?!», (Maide, 90-91).

Bu aýat içginiň we humaryň haram edilmeginiň hikmetlerini aç-açan beýan edýär. Pygamberimiz «Her bir serhoş edýän zat hamrdyr. Her hamr – haramdyr» diýipdir, (Buhary, Müslim).

Başga bir hadysynda: «Köp içeniňde serhoş edýän zadyň azy hem haramdyr» diýipdir, (Tirmizi, Ebu Dawud).

Yslam alymlary bu aýata we hadyslara daýanyp hamryň haramdygyny we muny inkär edeniň küfüre düşjekdigini belleýär. Şeýle hem ady näme bolsa bolsun, nämeden öndürilse öndürilsin, köp içeniňde serhoş edýän içginiň az mukdarda içilmeginiň hem haramdygy aýdylypdyr.

Pygamberimiz bir hadysynda içgini öndüreni, öndürmäge şert döredeni, içeni, getireni, getirdeni, paýlany, satany, satyn alany, hödürläni, ondan girdeji gazanany, şol gazançdan iýeni näletläpdir, (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje). Bu hadysa we beýleki hadyslara daýanyp, Hanefi alymlary içgi öndürýäne üzüm satmagy jaýyz görmändirler. Spirtli içgileri gymmatly haryt hökmünde kabul etmän nejis saýypdyrlar. Onuň söwdasyny, saglygy bejermekde ulanmagy gadagan edipdirler. Içgi içilýän ýerde oturmagy hem ýazgarypdyrlar. Bu çäreleriň ählisi ynsany spirtli içgi içmek endiginden halas etmek we jemgyýetde bu zäheri düýbünden ýatyrmak, geljek nesliň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin görlen çäredir.

Pygamberimizden içginiň derman hökmünde ulanylmagy barada soralanda: «Ol derman däl – dertdir» diýip jogap beripdir, (Müslim, Ebu Dawud). Yslam alymlary serhoş edýän içgileriň derman maksady bilen içilmegini jaýyz görmändirler. Ýöne derman ýasamakda alkagolly maddalaryň ulanylmagyny jaýyz görüpdirler. Eger halal maddadan ýasalan derman ýok wagtynda, dindar we ynamdar lukman alkagolly dermany ulanmagy maslahat berse, ony ulanmak dürsdür.

Aýatda hamr «rijs» hapa saýylandygy üçin spirtli içgiler gan we siýdik ýaly galiz nejaset saýylýar. Şonuň üçin hem onuň az mukdary hem bedende, eşikde we namaz okaljak ýerde bolmagy namazyň dürslügine zyýan ýetirýär.

Narkotik maddalar

[düzet | çeşmäni düzet]

Meň, tirýek, geroin, kokain, morfin, LSD ýaly, narkotik maddalar bedene, ruhy saglyga alkagolly içgilerden has beter zyýanlydyr. Şeýle hem olaryň maşgala we jemgyýete ýetirýän zyýany uludyr. Şonuň üçin yslam alymlary bulary ulanmagy haram saýypdyrlar.

Çilim we nas

[düzet | çeşmäni düzet]

Çilim XV asyrdan soň yslam ýurtlaryna ýaýrapdyr. Şonuň üçin, ilkinji döwür müjtehidleriniň bu mesele bilen baglanyşykly anyk kesgitli fetwalary ýokdur. Häzirki döwrüň yslam alymlary çilim barada şu garaýyşlary öňe sürýär:

  1. Käbirleri kyýas ýoly bilen anyk bir höküme daýanyp bilmänligi üçin haram diýip bilmän, çilimi tahrimen mekruh saýypdyr.
  2. Käbir alymlar bolsa, çilim çekmegi saglyk taýdan zyýanly, ykdysady taýdan isrip we eklenje zyýanlydygy sebäpli haram saýypdyr.

Suw çilimi, müşdükli çilim we nas – bularyň ählisi çilim bilen deňdir.

Geýinmek we bezenmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslam dininiň örtünmek emri, ynsanyň beden we ruhy saglygyny, jemgyýetiň umumy ahlagyny we maşgalany goramagy, jynslar arasyndaky tapawudy we gatnaşygy ýola goýmak ýaly maksatlary göz öňünde tutýar. Yslam dini geýinmekde hökmany bir görnüşi ündemeýär. Geýinmekde – aýalda we erkekde görülmegi haram bolan ýerleriň ýapylmagy esasdyr. Kurany Kerimde bu barada şeýle buýrulýar: «Mü'min erkeklere: nazaryny haramdan daş saklamagyny, owrat ýerlerini ýapmagy, agzalaryny zynadan goramagy aýt», (Nur, 30). Başga bir aýatda bolsa, aýallaryň namysyny goramagy we harama bakmazlygy ündelýär. «Mü'min aýallara-da nazaryny haramdan daş saklamagyny we owrat ýerlerini ýapmagyny, namyslaryny goramagyny aýt. Şeýle hem mejbury görünýän ýerinden başga zynatyny görkezmesin. Baş ýaglygyny ýakasynyň üstüne atsynlar...» (Nur, 31).

Yslam dini kişiniň ýagdaýyna görä, gözel we arassa geýinmegini müstehap görüpdir. Emma aşa geçmegi we isrip etmegi haram saýypdyr. Pygamberimiz: «Sada ýaşamak imandandyr» diýipdir, (Ibni Maje).

Dinimiz erkegiň we aýalyň ýaradylyşyna laýyklykda, käbir matany we şaý-sepi ulanmagy gadagan edipdir. Hezreti Alynyň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz çep eline ýüpek, sag eline-de altyn alyp: «Ýüpek we altyn ymmatymyň aýallaryna halal, erkeklerine haramdyr» diýip buýurýar, (Buhary). Ýöne ýüzüne ýüpek mata çekilen ýassyk, ýorgan, düşek ulanmak, ýüpekden tuty edinmek, ýüpekli namazlykda namaz okamak, ýüpek elýaglyk ulanmak jaýyz görlüpdir. Şeýle hem, bezeg niýeti bilen altyn we kümüşden ýasalan bezeg şaýlaryny öýden asmak jaýyz görlüpdir. Ýöne altyn-kümüşden ýasalan gaplary ulanmak we erkegiň altyn ýüzük dakynmagy haramdyr (Buhary).

Yslam ynsanyň asyl durkuny üýtgedýän, oňa täsir edýän zatlary etmegi, ýagny endamyňa ýazgy ýazdyrmak (weşm), dişleriňi owadanlamak (teflij), ýüzüň hamyny çekdirmek ýaly bejergi maksady bolmadyk her dürli estetiki we medisina operasiýalary etdirmegi gadagan edipdir (Buhary, Müslim). Ýöne betgelşik ýara, ýanyk yzlary, gyşaran dişler, çaşy göz, doga artyk agzalar adamyň görküni gaçyryp, köpçüligiň ýaňsa almagyna, kemsitmegine sebäp bolýan, saglygyňa zyýan ýetirän bolsa, bulary bejertmegiň zeleli ýokdur (Tirmizi).

Haram iýmit, içgi we geýim ulanmakdaky zeruryýet

[düzet | çeşmäni düzet]

Açlygy, suwsuzlygy kanagatlandyrmak, hassalygy bejermek üçin halal zatlar bolmadyk ýagdaýynda, haramdan peýdalanmak mubahdyr.

Ölmezlik üçin iýip-içmek her bir ynsan üçin farzdyr. Ynsan halal iýgi-içgi tapylmadyk ýagdaýynda, diňe ölmezlik üçin, zerur bolan mukdarda haram iýmit iýip-içip biler. Artyk iýip-içmek halal däldir.

Ynsan halal we tämiz zatlar bilen özüni bejertmelidir. Derman hem bir zerurlykdygy üçin çykgynsyz ýagdaýda haram zatdan öndürilen, ýasalan derman bilen özüňi bejertmek dürsdür. Meselem, erkeklere ýüpek geýmegiň haramdygyna garamazdan, Pygamberimiz Abdurrahman b. Awf bilen Zubeýr b. Awwam ýaly deri keseli bolan sahabalara ýüpek geýmäge rugsat edipdir.

Haram dermany ulanmak üçin şu şertler bolmalydyr:

  1. Şol dermanyň ýerini tutup biljek halal dermanyň ýoklugy.
  2. Şol derman ulanylmadyk ýagdaýynda jana howp abanmagy.
  3. Dindar we ynamdar musulman lukmanyň şol dermany ulanmagy maslahat bermegi.

Spirtli içgiler we medisina

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Häzirki döwre çenli spirt dezinfeksiýa maddasy hökmünde ulanylýar. Ýöne soňky edilen barlaglar alkagolyň dezinfeksiýa maddasy däldigini anyklady. Çünki alkagol bakteriýany proteýin bardasy bilen gurşap, onuň ösüşini – köpelmegini az wagtlyk togtadýar. Soňra güýjüni ýitirýär, bakteriýalar öňküsi ýaly aktiw hala gelýärler. Şonuň üçin, häzirki döwürde medisinada dezinfeksiýa maddasy hökmünde alkagol ulanyşdan aýrylyp, ýerine başga maddalardan peýdalanylýar.
  2. Wiski ýaly alkagolly içgileriň ýüregiň damarlaryny giňeldip, onuň güýjüni artdyrýandygy aýdylýar. Emma soňky geçirilen barlaglar munuň dogry däldigini görkezdi. Çünki ýüregiň damarlary giňelmegi netijesinde gan akyşyň tizligi peselýär, bu bolsa, ýürege agram salýar.
  3. Sowuk howada alkagolyň damarlary giňeldip, endamyňy ýyladýandygy, şeýdip, sowukdan goraýandygy barada aýdýarlar. Emma bu hakykata tersdir. Alkagol ulanylanda bedeniň ýylylygy köp ýitirýändigi üçin, doňmak prosesiniň çaltlaşýandygy anyklanypdyr.
  4. Bir bulgur alkagolyň iň azyndan müň sany beýni öýjügini öldürýändigi medisinada bellidir. Şeýle hem alkagol jynsy güýji peseldýär.

Okamak arkaly kesel bejeriş

[düzet | çeşmäni düzet]

Keseliň maddy sebäbiniň bolşy ýaly, ruhy sebäbi hem bardyr. Gadymdan bäri gipnoz, saz we okamak arkaly käbir keseller bejerilipdir. Häzirki döwürde hem käbir keselliniň okamak arkaly şypa tapýandygy mälimdir. Sahyh hadys kitaplarynda Pygamberimiziň we sahabalaryň göz degende, ýylan, içýan çakanda, sihir (ters doga we jady) edilende käbir sure we aýatlary şypa niýeti bilen okandygy rowaýat edilýär.

Pygamberimiz hassalygy bejermekde dermanlaryň şu üç görnüşini ulanypdyr:

  1. Ilahi dermanlar (rukýe we doga).
  2. Tebigy dermanlar.
  3. Ikisini hem özünde jemleýän dermanlar.

Ýöne «Pylan dermandan şypa tapdym, pylan suräni ýa-da aýaty okap gowulandym» diýmek ýalňyşdyr. Asyl şypa berýäniň Allahdygyny unutmaly däldiris.

Okamak we doga-dileg etmek arkaly hassany bejermek işine «rukýe» diýilýär. Bela-beter, musybat, hassalyk ýaly her dürli erbet ýagdaýlardan goranmak üçin Allaha sygynyp doga-dileg etmegi maslahat berýän hadyslary rukýäniň meşrugdygyna delil etmek mümkindir. Şeýle hem Kurany Kerimde: «Doga ediň, jogap bereýin», (Mü'min, 60) başga bir aýatda: «Dogaňyz bolmasa, Allahyň ýanynda hiç hili gadyryňyz ýokdur» (Furkan, 77) diýilýär.

Yslam alymlary hadyslara daýanyp, iň şypaly dermanyň dogadygyny, Kurany Kerimiň şypadygyny belleýärler. Doga belanyň duşmanydyr. Ony kowup çykarar, heniz gelmedik bolsa, öňüni alar, gelen bolsa ýeňleder. Doga mü'miniň ýaragydyr.

Alymlar kesel bejermekde ulanylýan tebigy dermanlaryň täsirli bolmagy üçin berhiz saklamak, sowukdan, yssydan goranmak ýaly şertleriň gerek bolşy ýaly, doganyň täsirli bolmagy üçin käbir şertleriň ýerine ýetirilmelidigini aýdýarlar.

a) Ygtykat arassa we päk bolmalydyr.
b) Haramdan we zulumdan daş durmalydyr.
ç) Doga edýän wagtyň kalbyň gaflatda bolman, Allaha doly ýönelmelidir. Pygamberimiz bu barada: «Şuny berk biliň, Allah Tagala kalby gafyl kişiniň dogasyny kabul etmez» (Hakim) diýipdir.
d) Dogadan öň sadaka berilmelidir.
e) Doga kabul bolýan belli wagtlarda edilmelidir. (Farz namazyndan soň, juma güni, gijäniň soňky üçden birinde edilen dilegler has kabul bolguçdyr).
ä) Doga edeniňde, Kybla tarap öwrülmeli, özüňem päkize bolmalydyr. Allah Tagala hamd we sena edip, Onuň Resulyna salat we salam aýdyp, toba-istigfardan soň doga başlamalydyr. Dileg edilen wagty Allah Tagalanyň atlaryny zikir etmelidir. Kuranda we hadyslarda bar bolan dogalar bilen doga etmelidir.
f) Dogany gaýta-gaýta, üznüksiz etmelidir.

Surat we heýkel

[düzet | çeşmäni düzet]

Iki dünýä durmuşymyzy nurlandyran Kurany Kerimde suraty anyk gadagan edýän höküm ýok, emma heýkeli gadagan edýän hökümlere duş gelinýär: «Eý, iman edenler, hamr (spirtli içgiler), humar, ensab (butlara gurban kesilýän we çokunylýan ýer), pal oklary şeýtanyň myrdar, nejis işlerinden başga zat däldir...» (Maide, 90). «Ensab» sözi müfessirler tarapyndan «Ybadat maksady bilen ýasalan butlar» diýip düşündirilýär.

Pygamberimiz surat we heýkel barada şu hadyslary aýdypdyr: «Kyýamat gününde iň güýçli azaba duçar boljak suratkeşlerdir», (Buhary, Müslim). «(Çokunmak üçin) surat we heýkel ýasaýanyň we muny halal saýanyň ýeri jähennemdir. Ol ýerde onuň ýasan her bir zadyna derek bir mahluk ýaradylar. Oňa jebir-sütem ederler», (Buhary, Müslim). «Içinde it we diri zadyň suraty bolan öýe melekler girmez. (Goýun yzynda gezýän it we aw tazysy muňa degişli däldir)», (Buhary).

Hezreti Aişäniň gürrüň bermegine görä, Pygamberimiz öýdäki üstünde haç bolan her bir zady döwüpdir, (Buhary).

Şuňa meňzeş hadyslara daýanyp, yslam alymlary ynsan we haýwan ýaly jandarlaryň suratyny çekmegi jaýyz görmändir.

Häzirki döwürde ynsanyň aňy ilkidurmuş döwründäkiden has ösen hem bolsa, Hindistan, Ýaponiýa, Hytaý ýaly ýurtlarda buta çokunýan köpdür.

Ýüzüne (janly zadyň) suraty çekilen zatlaryň öýde ulanylmagy, namaz okalan wagty öňüňde suratyň bolmagy mekruhdyr.

Suratly eşigi geýmek mekruhdyr. Her hal, iň gowusy namaz okalanda şeýle eşikleri geýmezlikdir. («Merginany», «el-Hidaýa»). Ibni Hazym bolsa çaga oýnawaçlaryndan başga heýkelleri satmagyň we almagyň haramdyr. («Muhalla» t-9)

Adamzat taryhy ýaly gadymy bolan we wagtyň dowamynda dürli özgerişlige sezewar bolan aýdym-sazyň hemme taraplaýyn ynsana täsiri bardyr. Onuň täsiri hem peýdaly hem zyýanly bolup bilýär. Aýdym-saz halk arasynda, umuman, wagt geçirmek üçin güýmenje diýip kabul edilýär.

Yslamyň ilkinji döwründe aýdym-saz we gurallary edil surat we heýkel ýaly kabul edilipdir. Şol döwürde aýdym-saz diňe nebsiň bet arzuwlaryny kanagatlandyrmaga gulluk edipdir.

Sport we oýun

[düzet | çeşmäni düzet]

Dynç alyş ynsan üçin tebigy zerurlykdyr. Ynsan dynç alanda, bedeni sagdynlaşýar, zehini durlanýar, işeňňirligi ýokarlanýar. Yslam dini dynç alşy, şonuň bilen baglanyşykly oýunlary ynanç we ahlak kadalaryna ters gelmeýän görnüşde düzgünleşdiripdir. Çünki yslamda amala niýete görä baha berilýär. Pygamberimiz bir hadysynda: «Sizi Allahdan, Allahy ýatlamakdan daşlaşdyrýan her bir zat meýsirdir (humar)» diýýär, (Zeýlaýi, «Nasbur-raýe»). Bu hadysdan görnüşi ýaly, dynç alşyň we oýunlaryň ybadatlary we asylky borçlary terk ýa-da ahmal etmeklige getirjekleri halanmaýar. Şeýle hem humar niýeti bilen islendik oýny oýnamak haramdyr. Şonuň üçin saýlanan oýunlaryň şahsyň we jemgyýetiň peýdasyna bolmagy maslahat berilýär.

Pygamberimiz ylgamak, göreş, mergenlik, atçylyk we ýüzmek ýaly türgenleşikleri makullap, olary ýaşlara öwretmegi maslahat beripdir. Haýwanlara ezýet berýändigi, ynsanyň rehim duýgusyny öldürýändigi sebäpli haýwanlary uruşdyryp dynç almagy gadagan edipdir. (Ebu Dawud, Ibni Maje, Tirmizi, Ibni Hişam).

Ýokardaky sportuň görnüşleri şol döwrüň medeniýeti bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Yslamyň umumy kadalaryna laýyklykda, häzirki döwürdäki sportuň görnüşleri höwesjeň we professional görnüşde ýerine ýetirilip bilner. Şu döwürde sport ýaryşlary ýurtlaryň ykdysady-medeni derejesini aýan etmekde, milletleriň tanalmagynda hem ykrar edilmeginde uly rol oýnaýar. Hatda halkara ýaryşlar ülkede agzybirligi, jebisligi, watansöýüjiligi pugtalandyrýar.

Aýdylanlardan başga, yslam dininde käbir oýunlar gadagan edilipdir.

a) Humar oýnamak. Humaryň ähli görnüşi haramdyr. Kurany Kerimde humar buta çokunmak bilen deň tutulyp, şeýtanyň nejis işinden biridigi nygtalypdyr, (Maide, 90). Humar – utan tarapyň utulan tarapdan bir zat almak şerti goýlan islendik oýundyr. Häzirki döwürde lotereýanyň käbir görnüşi, kart, nard daşlary, totalizator... humara degişlidir. Nard daşy barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Nard daşyny oýnaýan kişi Allaha we Onuň Resulyna isýan edendir», (Ymam Mälik, «Muwatta»).

b) Haýwanlary güýmenje edinmek. It, horaz, goç ýaly haýwanlary uruşdyrmak düýbünden gadagan edilendir, (Tirmizi, Ebu Dawud). Hatda kapasda guş, akwariumda balyk saklamak hem halanmaýar. Ýöne Enes b. Mäligiň Nugaýr atly serçä meňzeş bir guşunyň bolandygy, Serwerimiziň (s.a.w.) Enesiň doganyna: «Eý, Ebu Umeýr, Nugaýr näme iş edýär?» diýip degşipdir, (Buhary, Müslim). Bu hadysa daýanyp, käbir alymlar guş, balyk saklamagy jaýyz görüpdir.

Şahs we mal bilen baglanyşykly jenaýatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Adam öldürmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslam dini ynsan janyny goramaga uly ähmiýet berýär. Kuran – nähak ýere adam öldüreniň tutuş adamzady gyran ýaly günä iş edendigini, bir adamy halas edeniň bolsa, tutuş adamzady halas eden ýalydygyny belleýär. (Maide, 32). Adam öldürmek uly günä saýylypdyr. Ölen kişiniň hossarynyň talaby boýunça, nähak ýere adam öldüreniň hem öldürilmelidigi (muňa kysas diýilýär), (Bakara,178; Isra, 33), ahyretde bolsa, ebedi jähennem azaby bilen jezalandyryljakdygy habar berilýär. (Nisa, 93). Pygamberimiz hem bir hadysynda: «Ýedi sany heläk ediji zatdan saklanyň. Bulardan biri hem Allahyň haram eden bir janyny öldürmekdir», (Buhary, Müslim).

Yslam dini adam öldürmek, ýaralamak ýaly jenaýatyň bilkastlaýyn edilen ýagdaýynda öleniň hossarlaryna ýa-da ejir çekene kysas, hun ýa-da maýyplyk hakyny talap etmek hukugyny berýär. Jenaýaty derňemek we günäkäri jezalandyrmak işini döwletiň özüne goýýar. Şonuň üçin, musulmanyň ar almak niýeti jenaýatça döwlet tarapyndan adalatly jeza berilmese-de haram saýylýar. Bu meseläni çözmek hukugy berlen döwlet işgäri biadyllyk etse, iki dünýäde-de hasap soraljak günäkär bolup galýar. Pygamberimiz weda hutbesinde gan dawasyny ýatyrypdyr.

Janyňa kast etmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslam janyňa kast etmek uly günälerden biri saýýar. Ynsanyň haýsy-da bolsa bir sebäp bilen janyna kast etmegi haramdyr. Janyna kast eden ahyretde uly azaba uçrap, jähennemde ebedi galar. (Janyna kast edeniň ynanjy meselesi barada «Jynaza» bölümine seret).

Namysa dil ýetirmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Aýala zyna töhmetini atmak uly günä saýylýar. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar: «Namysly aýala zyna töhmetini atan kişi muny dört şaýat bilen subut edip bilmese, oňa segsen dürre uruň we onuň şaýatlygyny asla kabul etmäň. Ol uly günäkärdir. Ýöne toba etse, Allah öpän merhemetli we ýalkaýjydyr», (Nur, 4-5). Yslam alymlary bu aýaty esas edinip, jemgyýetde arassa adama töhmet atylmagyny, onuň abraýdan gaçyrylmagyny gadagan edipdir.

Şahsyýete, maşgala we jemgyýete saglyk we ruhy taýdan uly zyýan berýän zynany yslam dini haram edip, uly günä saýypdyr. Kurany Kerim: «Zyna ýakynlaşmaň. Şübhesiz, zyna bozuklykdyr we iň ýaramaz ýoldur», (Isra, 32) aýaty bilen mü'minleri ägälige çagyrýar.

Hakyky imanly kişi zynadan daş durar. Munuň mysaly sahabalaryň durmuşynda nusga alarlyk ýagdaýda görünýär.

Bir gün sahabalardan bir ýaş ýigit Pygamberimiziň huzuryna gelip, zyna etmek üçin rugsat soraýar. Şefkat we merhemet Pygamberi haram meselesinde rugsat soraýan bu ýaş ýigidi öňünde dyzba-dyz oturdýar we soraýar: – Şeýle işiň seniň eneň bilen edilmegini islärmidiň? – Islemezdim. – Hiç kim enesine şeýle bir iş edilmegini islemez. Seniň bir gyzyň bolan bolsa, oňa şeýle edilmegini islärmidiň? – Islemezdim, eý Resulallah. – Hiç kim gyzyna şeýle edilmegini islemez. Bibiň ýa-da daýzaň bilen şeýle işiň edilmegini islärmidiň? – Ýok, islemezdim. – Uýaň bilen biriniň zyna etmegini islärmidiň? – Ýok, asla islemezdim.

Pygamberimiz iň soňky aýtmaly zadyny aýdýar: – Hiç kim enesi, gyzy, uýasy, bibisi, daýzasy bilen zyna edilmegini islemez. Seniň zyna etmek isleýäniň biriniň enesi, biriniň gyzy, biriniň uýasy, biriniň daýzasydyr.

Soňra Pygamberimiz elini ýaş ýigidiň döşüne goýup: «Allahym, munuň kalbyny tämizle, günälerini bagyşla, namysyny gorap sakla» diýip dileg edýär. Bu doga-dilegden soň, şol sahaba iň arassa, namysjaň ýaş ýigit bolýar.

Yslam dini aýalyň ýarym-ýalaňaç gezip, ynsany zyna imrindirmegini, saýry erkekdir aýalyň ikiçäk hylwat ýerde bolmagyny, bozuk niýet bilen birek-biregine bakmagyny gadagan edipdir. Kurany Kerimde:

«Eý, Muhammed, mü'min erkeklere nämährem aýallardan nazaryny saklamagy, owrat ýerini ýapmagy, olary zynadan goramagy aýt. Mü'min aýallara-da nazaryny we owrat ýerlerini günäden goramaklygy aýt. Şeýle hem mejbury görünýän ýerlerinden başga zynatlaryny görkezmesinler. Baş ýaglyklaryny ýakalarynyň üstüne atsynlar...», (Nur, 30-31) diýilýär.

Pygamberimiz bolsa, «Kim Allaha we ahyret gününe iman edýän bolsa, ýanynda mähremi bolmadyk bir aýal bilen ikiçäk galmasyn. Çünki, şeýle ýagdaýda olaryň üçünjisi şeýtandyr», (Muslim, Tirimizi) diýipdir.

Halal gazanylan baýlygy goramak yslamyň esasy ýörelgesinden biridir. Şonuň üçin haksyz halyňa kişiniň mülküne el uzatmak dini we ahlak taýyndan uly günä saýylyp jezalandyrylýar. Kuranda:

«Ogurlyk eden erkegiň we aýalyň Allahdan jeza hökmünde ellerini çapyň» (Maide, 38) buýrulýar.

Yslam ogurlygyň günä saýylmagy üçin açlyk, zerurlyk, zor edilmek ýaly sebäpler zerarly edilip-edilmändigine, ogurlanan malyň goralyp-goralmanlygyna we ogurlanan mukdaryň az-köplügine seredýär.

Talaňçylyk

[düzet | çeşmäni düzet]

Talaňçylyk hem yslamda uly günä saýylýar. Pygamberimiz: «Kim bir garyş topragy talap alsa, Allah kyýamat gününde ony ýedi gat edip boýnuna dolar» diýipdir. Talaň edilen mal: sil ýa-da ýer titremesi ýaly tebigy betbagtçylyk sebäpli zaýa bolsa-da, talan kişi şol maly alan wagtyndaky ýaly edip, eýesine tölemelidir. Talaňçy talaýan zadyny yzyna berse-de, ahyret hasabyndan azat bolmaz. Şeýle hem mal eýesi malyny gorajak bolup ölse şehitdir. Çünki Pygamberimiz «Maly ugrunda ölen şehitdir» (Ahmet b. Hanbel, Müsned) diýipdir.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Kuran: 5/90-91.
  2. Diňe açlykdan hiç zat tapman ölmek howpy bolsa, aç ölmez ýaly az mukdarda ulanyp bolar.
  3. Kuran: 5/3.
  4. Kuran: 2/173.
  5. Üç görnüşli rugsat berilen aldaw:
    1. Uruşda
    2. Iki (musulmany) ýaraşdyrmak üçin
    3. Är-aýaly ýaraşdyrmak üçin.