Awstriýa
| |||||
Paýtagt | Wena | ||||
Prezident | Alexander Van der Bellen | ||||
Dil | Nemesçe | ||||
Wagt | UTC +1 | ||||
Telefon kod | + 43 | ||||
Internet TLD | .at |
Awstriýa Respublikasy Merkezi Ýewropadaky döwlet. Ol Birinji Jahan urşundan soň Awstro-Wengriýa monarhiýasynyň dargamagy bilen döreýär. Umumy tutyan meýdany 83,9 müň inedördül kilometre barabardyr. Ýurduň günbatardan gündogara çenli uzunlygy 579 kilometrdir. Ol demirgazyk-günbatarda Almaniýa, günbatarda Şweýsariýa we Lihtenşteýn, günortada Italiýa we Sloweniýa, gündogarda Slowakiýa bilen araçäkleşýär. Awstriýa dokuz federal ştata bölünýär. Olar: Burgenland, Karintiýa, Aşaky Awstriýa, Ýokarky Awstriýa, Zalsburg, Ştiriýa, Tirol, Forarlberg we Wena şäheri.
Tebigaty
[düzet | çeşmäni düzet]Ýurduň meýdanynyň dörtden üç bölegini daglar tutýar. Diňe 7 göterimi düzlüklerden ybarat. Ýurt Alp daglarynyň bir bölegi hasaplanýar. Onuň üçden iki bölegini Gündogar Alp dagy tutýar. Awstriýanyň klimaty aram kontinental. Ýurtda ýanwaryň ortaça temperaturasy -1-4 dereje, iýulyňky +14 +18 dereje bolýar. Ygallar ýylda 500–900 mm, daglarda 1500–2000 mm düşýär. Gyşy maýyl, tomsy salkydyr. Daglyk etraplarynda 7-8 aýlap gar saklanýar. Ýurduň iň uly derýasy Dunaýdyr. Awstriýa köllere baý ýurtdur (580-e golaý).
Ilaty
[düzet | çeşmäni düzet]Awstriýa nemes dilli ýurt. Slowen we horwat dillerinde slawýan azlyklary gürleýär. Olar hem ýurduň günorta we gündogaryndaky Karantiýa, Burgenland we Ştiriýa federal ştatlarynda ýaşaýar. Awstriýalylar-da beýleki ýewropalylar ýaly köp milletli halk. Awstriýalynyň görnüşiniň emele gelmeginde din we medeniýetiniň uly roly bar. Ýurduň ilatynyň 78 göterimi katolik, 5 göterimi protestant, 2 göterimi bolsa musulmanlardyr. Ýurtda 13 resmi baýramçylyk bellenip geçilýär. Olaryň 10-sy dini baýramçylyklardyr. Soňky maglumatlara görä, ýurtda 8 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Olaryň 9 göterimi daşary ýurtlulardyr. Ýurduň paýtagty bolan Wenanyň 1,6 million ilaty bar. Ilatyň agramly bölegi Aşaky Awstriýa ştatynda ýaşaýar. Zalsburg we Insbruk ýaly şäherleri hasaba alynmadyk ýagdaýynda, daglyk yerlerinde az adam ýaşaýar.
Şäherleri
[düzet | çeşmäni düzet]Awstriýanyň iri şäherleri Wena, Graç, Linç, Salzburg we Insbrukdyr. Ýurduň şäherlerinde ilatyň 30 göterimi ýaşaýar. Wena ýurduň iň iri we ykdysady hem-de medeniýet şäheri hasaplanýar. Ol Dunaý derýasynyň iki kenarynda hem ýerleşýär. Onun etekleri bolsa meşhur Wena tokaýlygyna çenli uzalyp gidýär. Owadan köşk-eýwanlar, seýilgähler, kiliseler Wena şäherini Ýewropanyň iň gowy şäherleriniň birine öwürýär. Awstriýanyň meýdany boýunça ikinji uly şäheri Grasdyr. Ol Ştiriýa ştatynda ýerleşýär. Şäher Mur derýasynyň kenarynda ýerleşýär. Ol esasy senagat, söwda we ylym merkezi hasaplanýar. Dunaýyň kenarynda ýerleşýän Lins şäheri bolsa Ýokary Awstriýanyň merkezi bolup, senagat we port şäheridir. Awstriýanyň iň owadan şäherleriniň biri hem Zalsburg.
Awstriýa-federal parlament respublikasydyr Ýurduň ähli raýatlary raýatlyk hukuklaryndan doly peýdalanýarlar. 19 ýaşdan uly bolan ra-ýatlar saýlawlara gatnaşyp bilýärler. Ýurduň prezidenti ählihalk saýlawlary esasynda alty ýyl möhlete saýlanýar. Hökümetiň möhüm ygtyýarlyklary prezidente degişlidir. Ol kanun güýjündäki kararlary kabul edýär. Ýokary kanun çykaryiy organy parlament bolup, ol iki palatadan: milli we federal sowetden ybaratdyr. Federal sowet welaýatlara wekilçilik edýär. Onuň 64 agzasy ştatlardaky geňeşlerden saýlanýar. Aşaky palata bolan milli sowet ilata wekilçilik edýär. Onuň 183 deputaty bar. Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetine kansler ýolbaşçylyk edýär. Hökümet agzalary milli sowetdäki belli partiýalardan ýa-da beýleki partiýalardan saýlanýar. Ýurt administratiw tadan dokuz ştata bölünýär. Olaryň her biriniň ilaty öz parlamentini saýlaýar. Ol hem ştat hökümetiniň başlygyny belleýär. Kazylar Adalat ministirligi tarapyndan işe bellenýär. Ýurtda ýerli welaýat we etrap kazy-ýetleri bar. Ol hem raýat hem-de jenaýat işlerine seredýärler.
Goranmak güýji
[düzet | çeşmäni düzet]Milli goranmak ulgamy 1955-nji ýyldaky döwlet ylalaşygy esasynda alnyp barylýar. Ol ylalaşyk diňe bir goşunyň möçberini çäklendirmän eýsem-de bolsa ýadro we şuna meňzeş ýaraglary, edinmegem gadagan edýär. Ýurduň bitaraplyk syýasasatyna laýyklykda onun az sanly guryýer goşuny bar. Erkekler üçin gulluk etmek hökmanydyr. Gullugyň möhleti sekiz aý.Şeýle hem gulluk etmegiň alternatiw görnüşlerem bar. Daşary syýasaty:. Awstriýa 1955-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Şeýle hem ol köp sanly halkara guramalarynyň, şol sanda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň we Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr. Wenada BMG-niň üç edarasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Awstriýa Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna saýlandy.
Ykdysdyýeti
[düzet | çeşmäni düzet]Awstriýa senagat taýdan ösen Ýurt. Ýurduň esasy senagat pudaklary: maşyngurluşyk, dag magdany, elektrotehnika, himiýa. elektroenergiýa we ýeňil senagat. Oba hojalyk pudagynda bolsa maldarçylyga uly üns berilýär. Awstro-Wengriýa monarhiýasynyň dargamagyndan soň. emele gelen döwletler käbir ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Täze Awstriýa Respublikasy şol mahallar esasy girdeji çeşmesi bolan azyk we kömürden mahrum galýar. Ýurduň ykdysadyýetini täzeden gurmak üçin birnäçe ýyl gerek boldy. Üstesine-de, 1929-njy ýylda tutuş dünýäde ykdysady çökgünlik başlady. Şol sebäpli, birnäçe ýyllap daşary ýurduň kömeklerine mätäç galdy. 1937-nji ýylda öz ykdysady bazasyny gurdy. 1938-nji ýylda Awstriýa Germaniýa degişli boldy. Şondan soň bolsa Beýik Watançylyk urşy bilen baglanyşykly ýurtda ýene-de kynçylyklar boldy. Ýurduň ykdysadyýeti 1950-nji ýyldan soň sazlaşykly öşüp başlady .
Işçi güýji we önümçilik ulgamy
[düzet | çeşmäni düzet]Soňky maglumatlara görä ýurduň ilatynyň 3.8 milliony işe ukyplydyr. Ýurtda işsizleriň sany az. 1990-njy ýylyň ikinji ýarymynda Horwatiýa, Sloweniýa we Türkiýe ýaly döwletlerden Awstriýa adamlar işlemäge geldiler. Ýurduň ykdy-sadyýetinde hyzmat pudagy öňdäki orunlarda durýar. Ýurduň işe ýaramly ilatynyň 32 göterimi senagatda, 61 göterimi hyzmat pudagynda we 7 göterimi bolsa oba, tokaý we balyk hojalygynda zähmet çekýär. Awstriýanyň umumy içerki önüminiň 32 göterimini senagat, 2 göterimini oba, tokaý we balyk hojalygy we 65 göterimini energetika, söwda we ulag pudaklary düzýär. Önümçilik guramalary: 1946-njy ýylda ýurduň kärhanalarynyň 70 göterimi döwlete degişli edilýär. Olaryň arasynda iri kommersiýa banklar, agyr, nebit çykaryly we nebiti gaýtadan işleýji senagata degişli kärhanalar bar. 1993-nji ýylda ýurduň hökümeti senagat kärhanalaryny hususylaşdyrmak babatda giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirip ugrady. Ony daşary Ýurt maýa goýumyny çekmek maksady bilen amala aşyryldy.
Oba hojalygy
[düzet | çeşmäni düzet]Orta hasap bilen ýurduň meýdanynyň 42 göteriminde oba hojalygy bilen meşgullanylýar. Ekerançylyga ýaramly meýdanlaryň 43 göterimini miweli we üzüm baglary tutýar. Ýurtda halkyň sarp edýän azyk önümleriniň 90 göterimi öndürilýär. Şonuň üçin Awstriýa daşary Ýurtlara az mukdarda et. süýt önümlerini, bugdaý we mekgejöwen satýar. Ýurtda däne ekinleri köp ekilýär. Bugdaý, mekgejöwen, arpa ýaly däneli ekinler ekilýär. Şeýle hem kartoşka we şugundyr hem ýetişdirilýär.
Tebigy baýlyklary
[düzet | çeşmäni düzet]Awstriýa tebigy baýlyklara we agaç önümlerine baý. Ýurtda demir sink we magnezit ýaly tebigy baýlyklar bar. Awstriýada daş kömür; ýetmezçiligi bar bolsa-da, muňa garamazdan, Ýurtda nebit, tebigy gaz we lignit bar. Gidroelektrik beketlerinden öndürilýän elektrik energiýasynyň bir bölegi daşary Ýurtlara satylýar. 1970-nji ýylyň ahyrlarynda Awstriýa elektrik energiýa mätäçligi sebäpli daş kömri, nebit we gaz satyn almaga başlady.
Dag magdan senagaty
[düzet | çeşmäni düzet]Awstriýanyň umumy meýdanynyň bäşden iki bölegi tokaýlar bilen gurşalandyr. Ýurduň Ştiriýa we Aşaky Awstriýa ştatlarynda agaç önümleri köpräk öndürilýär. Awstriýada demir magdanynyň çykarylyşy 1950-nji ýyldan soň epesli artdy. 1995-nji ýylda ortaça 2,1 million tonna demir magdany çykaryldy. Demir magdanynyň esasy ýatagy Ersbergdir. Karintiýa sebitinde magnezitiň baý gorlary bar. Şeýle hem Ýurtda kaolin, duz, gips ýaly mineral magdanlar çykarylýar. Energetika: Ýurtda energiýa bolan mätäçligiň artmagy bilen daşary Ýurtlardan energiýa resurslaryny satyn almaga başlandy. Awstriýanyň özünde öndürilýän energiýanyň içerki bazarynyň takmynan üçden bir bölegini kanagatlandyrýar. Ýurduň öz nebit gory we daşary ýurtdan getirilýän nebit önümleri ýurduň esasy energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär. Aşaky Awstriýanyň demirgazyk-günbatar böleklerinde nebit ýataklary bar. Awstriýa her ýylda ortaça 3 million tonna daş kömri satyn alýar.Şeýle hem tebigy gaz hem import edilýär. Ştiriýa, ýokarky we aşaky Awstriýada lignitiň gor känleri bar.1990-njy ýyllarda Awstriýa gidroelektro energetika ulgamyny ösdürmek üçin az pul sarp etmedi. Ýokarky Awstriýa we Tirolda gidroelektroenergiýasynyň uly mukdary öndürilýär. Şeýle hem Dunaýyň Inn derýasynyň kenarynda elektrik beketleri guruldy. Gidroenergiýa resurslary Awstriýa elektrik energiýasynyny daşary Ýurtlara ekspert etmäge mümkinçilik berýär.
Ulag ulgamy
[düzet | çeşmäni düzet]Awstriýanyň polat ýollarynyň uzynlygy takmynan 5,6 müň kilemetre barabardyr. Şeýle hem Awstriýa öz garaýollary ulgamy bilen hem meşhurdy. Ýurtda 1600 kilometr uzynlygyndaky giň ýokary tizlikde gatnawly gara ýollar bar. 1957-nji ýylda döredilen „Awstriýa awialiniýa" kompaniýasy dünýäniň dürli Ýurtlaryna uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. 1990-njy ýylda oňa bäsdeş tapyldy. Ol hem .Lauda eýr" atly hususy awiakärhana boldy. Dunaý derýasynyň üsti bilen her ýyl 5 million tonna ýük daşalýar. Esasan, metal, kömür, koks, nebit we nebit önümleri daşalýar. Syýahatçylygy: Syýahatçylyk ýurduň iň bir girdejili pudaklarynyň biri hasaplanýar. Soňky ýyllarda ýurda 24 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Olaryň 67 göterimini nemes jahankeşdeleri düzýär.
Jemgyýeti we medeniýeti
[düzet | çeşmäni düzet]Durmuş kepillendirmesi
[düzet | çeşmäni düzet]Awstriýada durmuş üpjünçiligi maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Raýatlara uly ýeňillikler döredilýär. Häzirki wagtda raýatlar saglyk, işsizlik we adatdan daşary ýagdaýlar ätiýaçlandyrmasyndan peýdalanýarlar. Ýurtda 13 resmi baýramçylyk bar. Işgärler her yýl dört hepdelik iş rugsadyna çykyp bilýärler.
Bilimi
[düzet | çeşmäni düzet]1945-nji ýyldan soň, Wena täzeden öňki medeniyet we ylym merkezine gaýdyp geldi. Bu ýerde ýurduň iň iri uniwersiteti ýerleşýär. Şeýle hem ýurduň Gras. Insbruk, Klagenfurt we Zalsburg ýaly şäherlerinde hem uniwersitetler hereket edýär.Aýdym, saz, teatr we sungatyň beýleki ugurlary boýunça bilim berýän alty akademiýa bar. Soňky maglumatlara görä, Ýurtda 220 müňden gowrak talyp bilim alýar. Mekdep okuwçylarynyň agramly bölegi mekdebi tamamlandan soň, orta hünärment mekdeplerinde okuwyny dowam etdirýärler.
Medeniyeti
[düzet | çeşmäni düzet]Awstriýa gadymdan bäri saz we drama sungatynyň ýurdy hasaplar Zalsburgda Mosart doguldy. Mundan başga-da, Wenada Bethowen, Gaýdi, Şuberi we Brams ýaly dünýä belli kompozitorlar ýaşady Iogann Ştraus-kakasy bu şäheri wals tansynyň paýtagty etdi. Artur Şnisleriň ýolbaşçylygyndaky Wenanyň drama mekdebi XIX-XX asyrlarda Ýewropada uly meşhurlyk gazandy. Gugo fon Gofmanstal belli şahyr we dramaturg. 1917-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Zalsburg festiwaly saz sungatynyň uly şowhunyna öwrüldi. Maks Reýnhardt Wenany teatr sungatynyň merkezine öwürdi. Sport çäreleriniň merkezi Wena hasaplanýar. Bu ýerde 95 müň orunly uly stadion bar. Insbruk şäherinde gyşky sport oýunlary üçin meýdanlar bar. 1997-nji ýyldan bäri Ýurtda 20-den gowrak gazet neşir edilýär. Ýurduň intelektual durmuşynyň geçmişi häzirki döwre garanyňda örän baý. 1914- nji ýylda Zigmund Freýd we Alfred Adler Wenada psihoanaliz ugrunyň barlag merkezini döretdiler. Awstriýadaky ykdysady mekdepler hem uly abraýdan peýdalanýar. Fridrih fon Haýek dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan liberal ykdysadyýetçi hökmünde tanalýar. Kari Kraus we Robert Muzil Awstro-Wengriýa monarhiýasynyň dargamagyny kyssa eserlerinin üsti bilen teswirlediler. Bütindünýa atom energiýa guramasynyň kömegi bilen Ýurtda iki sany ýadro fizikasy boýunça ylmy-barlag laboratoriýasy döredildi. Awstriýaly Erwin Wredinger fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesidir.
Goňşy döwletler
[düzet | çeşmäni düzet]Ýewropanyň ýurtlary |
||
---|---|---|
Ýurtlar | Albaniýa · Andorra · Awstriýa · Azerbaýjan1 · Belgiýa · Belorussiýa · Beýik Britaniýa · Bolgariýa · Bosniýa we Gersegowina · Çehiýa · Çernogoriýa · Daniýa · Ermenistan1 · Estoniýa · Finlýandiýa · Fransiýa · Gazagystan1 · Germaniýa · Gresiýa · Gruziýa1 · Horwatiýa · Irlandiýa · Islandiýa · Ispaniýa · Italiýa · Kipr1 · Latwiýa · Lihtenşteýn · Litwa · Lýuksemburg · Makedoniýa · Malta · Moldawiýa · Monako · Niderlandiýa · Norwegiýa · Polşa · Portugaliýa · Rumyniýa · Russiýa1 · San-Marino · Serbiýa · Slowakiýa · Sloweniýa · Şwesiýa · Şweýsariýa · Türkiýe1 · Ukraina · Watikan · Wengriýa | |
Garaşly territoriýalar | Akrotiri we Dekeliýa · Aland adalary · Farer adalary · Gernsi · Gibraltar · Jersi · Men adasy · Şpisbergen · Ýan-Maýen | |
1 Aziýada hem ýerleşýär; |