Mazmuna geçiň

Ermenistan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
37.29.40.87 (gürleşme) tarapyndan döredilen 19:16, 12 ýanwar 2022 seneli wersiýa
(tapawut) ← Ozalkysy | Häzirki wersiýany görkez (tapawut) | Indikisi → (tapawut)
Ermenistan
(Ermenistan baýdagy) (Ermenistan gerbi)

Ermenistan (erm. Հայաստան [hɑjɑsˈtɑn]), doly resmi ady — Ermenistan Respublikasy (erm. Հայաստանի Հանրապետություն [hɑjɑstɑˈni hɑnɾɑpɛtuˈtʰjun]) — Zakawkazýede ýerleşýän döwlet.

Alynky Aziýa geografiki sebtiniň demirgazygynda we Ermeni daglygynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär. Deňze çykalgasy ýok. Gündogarda Azerbaýjan we ykrar edilmedik Daglyk-Garabag Respublikasy bilen serhetleşýär. Günorta-günbatar tarapda Azerbaýjanyň düzümine girýän Nahiçewan Awtonom Respublikasy bilen araçäkleşýär. Ol günortada Eýran, günbatarda Türkiýe we demirgazykda Gürjüstan bilen serhetleşýär.

Ermenistanyň ilaty, 2014ý. maglumatlaryna görä, 3 017 100 adam, tutýan territoriýasy — 29 743 km².

Paýtagty — Ýerewan şäheri. Döwlet dili — ermeni dili.