Mazmuna geçiň

Pol Morfi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Ruhubelent (gürleşme | goşantlar) tarapyndan döredilen 14:12, 21 oktýabr 2018 seneli wersiýa
(tapawut) ← Ozalkysy | Häzirki wersiýany görkez (tapawut) | Indikisi → (tapawut)
Pol Morfiniň portreti

Pol Çarles Morfi (22/06/1837 - 10/07-1884, iňlisçe: Paul Charles Morphy) ABŞ-ly küştçi. Öz zamanasynyň iň naýbaşy küşt ussady we gaýry-resmi çempiony hasaplanýar.[1] Küşt geniýsi hasaplanýan Pol Morfä ajaýyp küşt karýerasy bolandygyna seretmezden ir ýaşda küşt karýerasyny ýapmagy sebäpli "küştüň guwanjy we gynanjy" diýilýärdi.[2] Bobi Fişer ony özüniň iň beýik hasaplaýan 10 küştçisi arasynda görkezdi we o barada "megerem adamzat taryhynda iň takyk küştçidir" diýip belläp geçdi.[3]

Morfi Nýu-Orlinsde gurply we adybelli maşgalada dünýä indi. Küşti kakasy we agasynyň oýunlaryna tomaşa etmek bilen öwrendi. Maşgalasy onuň bu babatdaky zehinini aňmagy bilen ony maşgala duşuşyklarynda küşt oýnamaga höweslendirdi we 9 ýaşyndaka eýýäm şäheriň iň ökde oýunçylaryndan hasaplanýardy. 12 ýaşyndaka dünýä belli küştçi syýahatçy Ýohan Löwentaly 3 oýunlyk duşuşykda ýeňdi.

1857-nji ýylda Hukuk ugrundan bakalawr derejesi gazandy emma entek işlemek üçin kanuny ýaşa ýetmändigi sebäpli özüne baş wagt tapyndy. Agasynyň maslahaty bilen Nýu-Ýorkda geçiriljek Birinji Amerikan küşt kongresine gatnaşdy. Bu kongresde Pol Morfi Aleksandr Mik we Luis Polsen ýaly zamanasynyň adybelli küştçilerini ýeňdi we bäsleşigi çempion hökmünde tamamlady, mundan soňra ABŞ-nyň küşt çempiony hökmünde jar edildi. 1857-nji ýyly Nýu-Ýorkda küşt oýnap geçirdi, 1858-nji ýylda Ýewropanyň öňdebaryjy oýunçysy hasaplanýan Howard Stonton bilen garşylaşmak üçin Ýewropa gitdi, Howard Stonton bilen garşylaşma gurnalmady. Morfi Ýewropanyň beýleki öňdebaryjy küştçileri bilen bäsleşdi we köplenjine açyk ýeňişler gazandy we dünýäniň iň naýbaşy küştçisi hökmünde görüldi.[Çeşme zerur]


Biografiýasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Morfi 1837-nji ýylyň 22-nji Iýunynda Nýu-Orlinsde gurply we adybelli maşgalada dünýä indi. Kakasy Alonso Maýkl Morfi aklawjylyk, Lusiana ştat halkwekilligi we Lusiana ýokary kazyetinde kazyçylyk kesplerini ýöretdi. Kakasy Alonso Morfi Ispan, Portugal we Irland asyllydy. Pol Morfiniň ejesi "Louise Thérèse Félicité Thelcide Le Carpentier" ady belli Fransuz asylly maşgalasynyň aýdym-saz ugrundan zehinli gyzydy.

Akgasy Ernest Morfä görä Pol Morfä hiç kim küşt oýnamagy öwretmedi, ol diňe bir başgalarynyň oýunlaryna tomaşa etmek bilen küşt öwrendi.

Morfi 1854-nji ýylda Alabama ştatynyň mobil şäherindäki Spring Hill College koležini tamamlady, orta biliminden soňra 1 ýyllap matematika we filosofiýa öwrenmäge dowam etdi. 1855-nji ýylyň Maýynda Morfä A.M. (sungat ussady) derejesi berildi. Mundan soňra Morfi Lusiana uniwersitetinde Hukuk ugry boýunça ýokary bilim aldy we 1858-nji ýylyň 7-nji Aprelinde Hukuk ugry boýunça Bakalawr derejesini gazandy.[4]

Küşt karýerasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Çagaka Morfi kakasy Alonso Morfi we agasy Ernest Morfi küşt oýnaýarka oýny deňlik diýip ylalaşyp oýny tamamladylar, mundan soňra Morfi olara oýnyň deňlik däldigini we Ernest Morfiniň ýeňiş gazanyp biljekdigini aýtdy, Pol Morfi olara degişli pozisiýany gaýtadan düzüp sypdyrylan ýeňişi görkezmeginden soňra kakasy we agasy muňa haýran galdy. Mundan soňra Morfi maşgalasy Pol Morfiniň küşt zehininiň üstünden bardy, maşgalasy ony maşgala duşuşyklarynda we ýerli küşt ýygnanyşyklarynda küşt oýnamaga höweslendirdi, 9 ýaşyndaka eýýäm Nýu-Orlinsiň iň güýçli oýunçylaryndan hasaplanýardy. 1846-njy ýylda General Winfild Skot Morfileriň şäherine gezelençdekä şäheriň iň güýçli küştçisi bilen garşylaşmak isleýändigini aýdanda oňa garşy 9 ýaşly Pol Morfini çykardylar.[5] General Skot ilki üstünden gülünýändir öýtdi emma garşydaşynyň çaga geniýsidigine kepil geçilmeginden soňra oýnamaga razy boldy. Morfi General Skoty 2 gezek aňsatlyk bilen ýeňdi, 2-nji oýnyň 6-njy göçüminden soňra teoriki mat yglan etmek bilen ýeňdi.[Çeşme zerur]


12 ýaşyndaka Pol Morfi dünýäbelli güýçli küştçi Wengriýaly Ýohan Löwental bilen garşylaşdy. Löwental ilki bilen garşydaşyny diňe bir "synamak" maksatly oýnaýandygyny ýaňzytdy emma birinji oýnyň 12-nji göçüminde garşydaşynyň güýçli oýunçydygyny kabul etdi. Löwental we Morfi 3 oýun oýnady, Morfi 2 ýeňiş we 1 deňlik gazandy (başga bir çeşmä görä Morfi 3 oýunda hem ýeňdi)[6]

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. David Lawson, Paul Morphy, The Pride and Sorrow of Chess, Mckay, 1976
  2. Sunnucks, p. 310
  3. Fischer, Bobby (1964), "The Ten Greatest Masters in History (as told to Ben Hickey)", Chess World, vol. 1 no. 1, pp. 56–61
  4. Pol Morfiniň biografiýasyndan (iňlisçe)
  5. "Winfield Scott loses a match". cwbn.blogspot.com. 30/05/2018 senesinde ulaşyldy.
  6. Morfi barada Sergeant tarapynda 1957-nji ýylda çap edilen "Morphy's games of Chess" atly kitabynda bu oýunlardan biri ýalňyşlyk bilen deňlik hökmünde görkezilen we ondan soňraky ähli neşirlerde bu ýagdaý gaýtalandy. Dawid Lawson tarapyndan 1976-njy ýylda çap edilen Morfi biografiýasynda bu ýalňyşlyk düzeldilen. Geza Marokziniň 1909-njy ýylda ýazan biografiýasynda hem bir oýun deňlik hökmünde görkezilen.