Palaw
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Palaw, Tüwiden taýynlanýan naharlaryň arasynda palaw iň saýlanýanydyr.[Çeşme zerur] Ol, umuman, Gündogar halklaryň arasynda giň ýaýran nahar bolansoň, ony taýarlamagyň usullary-da dürli-dürli. Türkmen halkynyň arasynda hatda her taýpanyň, her tiräniň öz bişiriş usuly bar diysek-de ýalňyş bolmaz. Meselem, Türkmenistanyň deňiz ýaka raýonlarynda ete derek balyk atybam, balykly palaw bişirilýandigini belläp gecmeli.[Çeşme zerur] Şoňa görä palaw taýarlamagyň usulynda umymylyklar-da, ayratynlyklar-da bar, ýöne köplenç bişiriliş usullary bir meňzeş. Esasy aýratynlyk onuň içine atylýan zatlarda we näçe atylýanlygynda.[Çeşme zerur]
Görnüşleri
düzetToý Palawy
düzetToý palawy beýlekilerden känbir parhlanmaýar ol köp mukdarda bişirilýär. Şonuň üçin aşagy köýmez ýaly, atyljak başga bir gazanda gowrulýar. Taýýar bolup palaw tabaklara salnanda, eti dogralyp, üstüne goýulýar.
Gök Tuwili Palaw
düzetŞalynyň birinji hasyly, ýagny gök tüwi elde dowülmegi bilen taýýarlanylýan palaw görnüşidir.
Mäşli Palaw
düzetArassalanan we suwda ýumşadylan mäş bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi. Arassalanan tüwi bilen mäş garyşdyrylyp bişirilýär.
Wermişelden Palaw
düzetTüwi ýerine wermişel ulanylýan palaw.
Beýili Palaw
düzetBeýi gatylan palaw görnüşi.
Şalgamly Palaw
düzetŞalgam gatylan palaw görnüşi.
Towuk Etli Palaw
düzetTowuk eti ulanylmagy bilen bişirilýän palaw görnüşi.
Saryýagly Palaw
düzetSaryýag ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.
Künji Ýagly Palaw
düzetKünji ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.
Guýruk Ýagly Palaw
düzetGuýruk ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.
Ýilikli Palaw
düzetSygyr ýilik ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.