Mazmuna geçiň

Halal

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Çap edilip bilinýän wersiýa indi goldanylmaýar we ýalňyşlyklar bolup biler. Brauzer bellikleriňizi täzeläň we ýerine derek brauzeri çap etmek funksiýasyny ulanyň.

Häläl (arap. حلال‎‎ — rugsat, arassa).

Eti halal haýwanlar

  1. Sygyr, goýun, geçi, düýe, towşan, towuk, gaz, ördek, hindiguşy ýaly öý haýwanlarynyň we guşlarynyň eti halaldyr.
    Hapa iýýän (jellale) towuk, sygyr, goýun ýaly haýwanlaryň arassalanmak möhleti geçmezden damagyny çalmak bolmaýar. Olaryň halallanmagy üçin towugy üç gün, goýuny we geçini dört gün, sygry we düýäni on gün daşaryk goýbermän arassa iýmit bilen bakmalydyr.
    At eti dört mezhebe görä-de halaldyr. Ýöne Ymamy Agzam söweş we ulag hökmünde ulanylýandygy sebäpli, onuň etini mekruh hasaplapdyr.
    Towşan eti hem dört mezhebe görä halaldyr. Ýöne käbir sahaba we tabi'in alymlaryna, şeýle hem mujtehid ymamlardan Ibni Ebu Leýla görä, towşan eti tahrimen mekruhdyr.
  2. Keýik, jeren, ýabany sygyr, zebra ýaly haýwanlar.
  3. Gögerçin, serçe, bedene, käkilik ýaly ýabany guşlar.
  4. Balyklar.


Emma leňňeç, gurbaga, balykgulak ýaly ýakymsyz sypatly jandarlarlaryň eti Hanefi mezhebine görä halal däldir. Beýleki üç mezhebe görä, suwda ýaşaýan ähli jandarlary iýmek halaldyr. Ýöne Şafygylarda Hanefilerdäki ýaly, suwda ýaşaýan jandarlardan diňe gury ýerde ýaşaýan eti iýilýän haýwanlara meňzeýänleri halal, eti iýilmeýänlere meňzeýänleri bolsa haram diýen garaýyş hem bardyr.

Şeýle-de

Salgylanmalar